- sowalga
- 1Sowmak üçin pul, harç, sowgut.∙ Hoşgeldi maslahaty gutaryp gaýtjak güni sowalga diýip, Wüşi kel bilen Öweziň her haýsyna birneme pul berdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)2Delil, sapalak, bahana, ugur, tär.∙ Nabat biraz ikirjiňlejek ýaly etdi-de sowalga tapdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)3seret sowgut 2∙ Olar şähere ýetmän, çepe sowulýan sowalgadan sowuldylar.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.